YKDYSADYÝET

11 aýda 49,8 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň nebitçileri 2021-nji ýylyň 11 aýynda müdirlik boýunça hereket edýän guýulardan «gara altynyň» 49 müň 883 tonnasyny aldylar. Netijede meýilnamadan artyk 4 müň tonna çig mal çykaryldy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň saýtynda habar berilýär.

Dagajyk meýdançasynda ýerleşen pes öndürijilikli guýuda burawçylaryň tagallalary bilen guýynyň öndürijiligini artdyrmak boýunça işleriň birnäçesi ýerine ýetirildi, netijede artykmaç nebit akymy alyndy. Häzirki wagtda guýynyň gündelik öndürijiligi 25 tonna barabardyr. Ulanyşa girizilen № 654 täze guýynyň gündelik öndürijiligi 6 müň tonna çig maldan gowrak boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: