YKDYSADYÝET

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desga ulanylmaga berildi

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi

Bu desga bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kubmetrini arassalamaga mümkinçiligi berýär. Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulypdyr. Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Desganyň ulanmaga berilmegi bilen, etrabyň çägindäki «Arçman» şypahanasyndan, şeýle-de Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga özboluşly mümkinçilik döredi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: