SPORT WE SYÝAHAT

Aşgabatda halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenleri hormatladylar

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Sport» myhmanhanasynda  ýakynda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň wekillerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiş gazanan türkmenistanly türgenlere hormatly Prezidentimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Olaryň arasynda Lebap welaýatynda türgenleşýän türgenleriň hem bardygy has guwandyryjydyr. «Aziýanyň çagalary» atly däbe öwrülen sport oýunlarynda şu gezek gazanylan 16 medalyň 11-sine Lebap welaýatynyň sport mekdeplerinde türgenleşýän türgenler mynasyp boldular. Olar Dänew etrabyndan ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa (bir altyn, bir bürünç medal), türkmenabatly erkin göreşçi Selbi Zahirowa, sportuň ýene-de şu görnüşi boýunça çärjewli türgenler Mekan Hudaýberdiýew, Söhbet Naryýew (üçüsi hem bürünç medal), saýatly samboçy we kuraşçy Nurana Hezretowa (iki bürünç medal), türkmenabatly kuraşçylar Zinat Koçmatowa (kümüş medal), Daýanç Karaýew (bürünç medal), sportuň ýene-de şu görnüşinden köýtendagly türgen Dinyslam Mahmaşaripow (bürünç medal) we faraply Narmurat Muradow (bürünç medal) dagylardyr.

Ozal hem habar berlişi ýaly, türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryny 23 medal bilen tamamladylar. Gazanylan umumy ýeňişde Lebap welaýatynyň türgenleriniň hem mynasyp paýy bar. Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Azatjan Açylow ýaryşda grek-rim göreşi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Hakberdi Jumaýew, Aýbek Omirow, Zülhumar Daşkynowa, Atajan Atamyradow, Gülzada Jorakulyýewa ýaly türgenler hem sport ýoluna welaýatymyzda gadam goýupdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: