SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply futbolçylar ýurduň birinjiligine gatnaşarlar

Lebap welaýatynyň ýetginjekler topary futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilişine görä, ol şu ýylyň 21-nji martyndan 28-nji martyna çenli Daşoguz şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda guraljak duşuşyklar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen guralar. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýygyndy toparlary gatnaşar.

Birinjiligiň ýeňijisi bir aýlawda geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde kesgitlener.