JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

 Düýn Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Metjidiň ýanynda medrese gurmak hem maksat edinilýär. Şeýle-de bu ýerde muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar, beýleki ugurdaş hojalyk otaglary ýerleşer. Namaz okamaga niýetlenen zallaryň gurluşygynda dürli görnüşli tebigy serişdeler, şol sanda bezeg üçin mermer we oniks daşlary ulanylar.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň çäklerinde awtoulaglary goýmak üçin ýerler we dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar. Onuň seýilgäh zolagy bolsa 10 gektar meýdany eýelär. Suw çüwdürimler toplumy seýilgähiň esasy bezegine öwrüler.

Metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan «Altyn» hojalyk jemgyýeti alyp barar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: