JEMGYÝET

«Wilant,S» hususy kärhanasynda alyjylara şöhlat we et önümleri hödürlenilýär

Türkmenabat şäherinde «Wilant,S» hususy kärhanasyna degişli et we şöhlat önümleri dükany işe girizilen bir ýyl töweregi wagtyň dowamynda ilatyň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Dükan özünde bar bolan önümçilik sehiniň hasabyna et we şöhlat önümlerini alyjylara hödürleýär. Bu dükan geçen ýylyň fewral aýynda işe girizilipdi. Önümleriň arasynda şöhladyň onlarça görnüşiniň bolmagy alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Şäheriň ýaşaýjylary ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürleriň hyzmatyndan hoşal bolýarlar. Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalary esasynda gurnalan önümçiligiň ýola goýulmagy netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşiniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda özüniň ýörite hojalygyny hem döretdi.