YKDYSADYÝET

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda aýlyk meýilnama 179% ýerne ýetirildi

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň ilkinji aýynda 182,8 million kilowat-sagatdan köpräk elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.  Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär:

Bu görkeziji göz öňünde tutulan meýilnamanyň 179 göterim ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Meýilnamadan daşary 1,7 million kilowat-sagada golaý togy artyk öndürmegi başaran balkanabatly energetikler häzirki günlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: