Robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçiriler
«Sanly çözgüt IT-meýdança» hojalyk kärhanasynyň jaýynda «Robot tehnikasy» atly bäsleşik geçiriler.
Ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi guraýar. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary we ýaşy 30-a çenli bolan raýatlary gatnaşyp bilerler. Ol: «Sumo robotlarynyň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Toparlaýyn taslamalaryň bäsleşigi» we «Ak fonda gara çyzyk boýunça ýöreýän robotlaryň bäsleşigi» ýaly dürli ugurlar ugurlar boýunça guralar.
Bäsleşik şu ýylyň 18—19-njy martynda geçiriler.