JEMGYÝET

Ýaşlar sorag-topar topary pandemiýa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri peseltmek we ýok etmek üçin işlär

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki «Global pandemiýa bilen baglanyşykly köp derejeli töwekgelçilikleri we howplary gowşatmak üçin ýaşlaryň habarlylygyny we çekilmegini ýokarlandyrmak»  Maksatnamasynyň çäklerinde Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli komitetleriň birinji maslahaty geçirildi. Bu barada «turkmenportal.com» ýazýar.

Maksatnama bu welaýatlaryň ýaşlarynyň durnuklylygy ýokarlandyrmaga, olary öz jemagatynyň içindäki işe çekmäge gönükdirilendir. Häzirlikçe komitetiň düzümine welaýat we şäher administrasiýalarynyň wekilleri girýärler. Geljekde meýletinçileri çekmek hem meýilleşdirilýär.

Başlangyçlary öňe sürmegi başarýan oglanlardan we gyzlardan Ýaşlar sorag-jogap topary dörediler. Ýaşlar ýerli administrasiýa bilen hyzmatdaşlykda pandemiýa bilen baglanyşykly köp granly töwekgelçilikleri peseltmäge we aradan aýyrmaga gönükdirilen işleri alyp bararlar diýlip garaşylýar.

Maksatnama ýerli derejede howpsuzlygy üpjün etmegi göz öňünde tutmak bilen reagirlemäniň durmuş-ykdysady Meýilnamasyny durmuş geçirmäge hünärmenleriň taýýarlygyna gönükdirilen.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we BMG-niň ilat gaznasy (UNFPA) Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine esasy jogapkär guramalardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: