DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Russiýada koronawirusa garşy üçünji sanjym bellige alyndy

TASS-yň habar bermegine görä, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi M.P.Çumakow adyndaky Merkez tarapyndan taýýarlanan «Kowiwak» sanjymyny bellige aldy. Ol akademik Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa Merkeziniň «Sputnik V»-sinden we «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa merkeziniň «Epiwakkoronasyndan» soň Russiýada ulanmaga rugsat berilen üçünji sanjymdyr.
Sanjymlaryň üçüsi hem birinji iki synagyň gowy netijeleri berendigi üçin kliniki synaglaryň üçünji tapgyry tamamlanmanka, gyssagly ýagdaýda bellige alyndy. Häzire çenli diňe «Sputnik V» synaglaryň üçüsinden hem — klinikadan ozalky (haýwanlarda) we üç kliniki (adamlarda) synagdan geçirildi. «Epiwakkorona» häzir üçünji tapgyrda synagdan geçirilýär. «Kowiwak» sanjymyny taýýarlanlar üçünji tapgyryny başlamak üçin meýletinçileri saýlap alýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply