TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Lebapawtoulag» ― iň göreldeli kärhana

2020-nji ýyldaky maliýe-ykdysady görkezijileri we ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagy bilen bagly «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi geçen ýylyň netijeleri boýunça «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Iň göreldeli kärhana» diýlip yglan edildi. Munuň üçin kärhana ýörite Kubok we Hormat haty gowşuryldy.
Geçen 2020-nji ýylyň dowamynda önümçilik birleşiginiň ýük daşamak boýunça meýilnamasy 2 million 183 müň tonna göz öňünde tutulyp, hakykatda 2 million 285 müň 500 tonna daşalypdyr. Netijede meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwrüň dowamynda ýük dolanyşygy 58 million 765 müň tonna/kilometr göz öňünde tutulyp, hakykatda 60 million 165 müň tonna/kilometr bolupdyr we meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde kärhanada göz öňünde tutulan 21 million 182 müň ýolagça derek 21 million 418 müň ýolagçy gatnadylypdyr. Bu ugurda meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Ýolagçy dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda 178 million 885 müň ýolagçy/kilometriň ornuna 182 million 100 müň ýolagçy/kilometrlik netije gazanyldy. Şeýle hem kärhana boýunça geçen ýyl meýilnama boýunça alynmaly girdeji 47 million 345 müň manat bolup, iş ýüzünde 49 million 652 müň manatlykdan gowrak iş edilip, 104,9 göterim ýerine ýetirilipdir. Bu görkezijiler kärhananyň bu uly baýraga ýöne ýerden mynasyp bolmandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply