DÜNÝÄDÄKI HABARLARLUKMANÇYLYK

Lukmanlar koronawirusyň çiş keselleriniň öýjüklerini ýok edip biljekdigini aýdýarlar

COVID-19 keseli onkologiýa bilen näsaglanlaryň howply täze döremeleriň (rak keseliniň) öýjüklerini ýok edip biler. Bu barada allergolog-immunolog lukman Wladimir Bolibokyň habaryna salgylanmak bilen, «Известия» neşiri ýazýar.
«Islendik ýokanç kesel, şol sanda koronawirus hem, immun ulgamynyň işjeňleşmegine we netijede howply täze döremeleriň ýok edilmegine getirýär. Onkologiýa kesellerini bejerýän «toksin koleýa» atly ilkinji dermanlaryň biri hem bakteriýalaryň süýndürilen iki görnüşinden durýardy. Ol endamyň temperaturasyny galdyryp, güýçli gyzdyrma emele getirýärdi. Şondan soň çiş gaýdyp başlaýardy» diýip, lukman gürrüň berdi.
Koronawirusyň howply täze döremeleriň öýjüklerine täsir etmek ukybynyň bardygyny lukman-onkolog, Russiýa Lukmançylyk Ylymlary Akademiýasynyň Onkologiki Merkeziniň kliniki onkologiýa institutynyň ylmy işgäri Ýewegeniý Çerýomuşkin hem tassyklady.
Ýöne immun işjeňligini wirusyň kömegi bilen güýçlendirmek usulyny alymlar häzirlikçe öwrenmeklerini dowam etdirýärler. Onuň netijeleriniň üç-bäş ýyldan belli bolmagyna garaşylýar

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply