• Sat. Sep 26th, 2020

Pirlo tälimçilige girişdi

Jul 18, 2020

Italiýanyň futbol ýygyndysynyň we «Ýuwentusyň» ozalky ýarym goragçysy Andrea Pirlo tälimçilik işine girişdi.
Žurnalist Žanluka Di Marsionyň habaryna görä, 41 ýaşly hünärmen «Ýuwentusyň» ýaşlar toparynyň baş tälimçisi Roberto Baronionyň kömekçisi bolup işläp başlady.
2018-nji ýylda Pirlonyň Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Mançininiň kömekçisi bolup işlejekdigi aýdylypdy. Ýöne rowaýaty futbolçy şol wagt bu teklipden ýüz öwürdi.
2017-nji ýylda futbolçylyk karýerasyny tamamlan Andrea Pirlonyň 2011 ― 2015-nji ýyllar aralygynda «Ýuwentusda», soňra biraz ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Siti» toparynda futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Поделиться ссылкой: