Wodorod ýangyçly otly rekord goýdy
Şweýsariýanyň “Stadler” kompaniýasy tarapyndan öndürilen, wodorod ýangyjy bilen işleýän otly hiç ýerde saklanmazdan 2803 kilometr ýoly geçdi. Bu görkezijisi üçin ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Otly bu aralygy sagatda 130 kilometrtizlik bilen 46 sagatda üstünlikli geçdi.
Bu synag ýörişi ABŞ-nyň Kolorado ştatynda geçirildi. “FLIRT H2” diýlip atlandyrylan 2 wagonly täze otluda ýolagçylaryň oturmaklary üçin orunlaryň 108-si, şeýle hem olaryň dik durmaklary üçin-de goşmaça ýerler göz öňünde tutulandyr.
Wodorod ýangyjy bilen işleýän şeýle otlular Hytaýda, Germaniýada, Fransiýada, Ýaponiýada we Koreýa Respublikasynda hem synagdan geçirilýär. Bu ulaglar dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglardan tapawutlylykda howany hapalamaýar.