DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkiýede gadymy binalary tapdylar

Alymlar Türkiýede adam eli bilen döredilen 11 sany depe tapdylar. Arheologlar olary Şanlyurfa welaýatyndaky dünýäde iň gadymy buthanalar toplumy bolan Gebekli-Tepeden uzak bolmadyk ýerde ýüze çykardylar. Bu barada «rambler.ru» habar berýär.Depeler 100 kilometr aralykdaky desgalaryň daşyny gurşap alýana meňzeýärler. Arheologlaryň pikirine görä, binalar takmynan 12 müň ýyl mundan ozal döredilipdir.Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde bu töweregi alymlar «12 depe», şonuň ýaly-da «Türkiýäniň günorta-gündogarynyň piramidalary» diýip atlandyrdylar, diýip habar berdi.Häzir depelerde uly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Sentýabrda onuň netijeleri barada habar berler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: