Mançini Saud Arabystanynyň dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirjekdigine ynanýar
Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Mançini bu ýurduň futbol boýunça 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirjekdigi baradaky habara öz pikirini bildirdi.
Ol bu barada: «Bu hemmeler üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Gürrüň futbol äleminde akla sygmajak taryhy waka barada gidýär. Elbetde, bu on ýylda Saud Arabystany dünýä çempionaty üçin hemme zady fantastik ýagdaýda gurady. Bu ýurtda munuň üçin serişdeler bar» diýdi.
Mundan öň Awstraliýanyň Futbol federasiýasynyň 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyna eýeçilik etmezlik kararyna gelendigini bellemelidiris.