JEMGYÝET

Altaý Döwlet pedagogiki uniwersiteti rus dili boýunça mugt onlaýn okuwlaryny geçirýär

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtyna salgylanmak bilen, «Turkmenportal» ýazýar. Onda Altaý Döwlet pedagogiki uniwersitetniň binýadynda ( https://www.altspu.ru ) 15-nji noýabrdan rus dili boýunça:
• «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: orfografiýa we punktuasiýa»;
• «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: häzirki zaman edebi rus diliniň kadalary»;
• «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: grammatika we tekst»
diýen üç kursdan ybarat umumy bilim maksatnamasynyň elýeter boljakdygy barada habar berilýär.
Diňleýji bolmak üçin 10-njy noýabra çenli belligä alyş formasyny doldurmaly.
Bellige alyş formasy, şonuň ýaly-da okuw baradaky maglumatlar ilçihananyň saýtynda.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply