JEMGYÝET

At — döwletlilik

Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklary sanardan juda köpdür. Şaý-seplerimiz, nepis halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz, saz gurallarymyz, asyrlara şaýat bolýan ýadygärliklerimiz, edebi nusgalarymyz milliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň hatarynda gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli atçylyk däplerini galkyndyrmak, atçylyk sportyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler alnyp barylýar. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işleriň nukdaýnazaryndan  Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze atçylyk toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

«At — döwletlilik» diýip halkymyzyň sarpalaýan buýsanjy we şöhraty bolan bedewlerimiziň keşbi kitaplaryň bezeginde, gurulýan kaşaň binalaryň daşky we içki bezeglerinde mynasyp orun alýar. Muňa mysal hökmünde Aşgabat Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň keşbini görkezmek bolar. Bu çeper sungat eseri halkymyzyň ahalteke bedewine bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz  türkmen halkyna «Ahalteke bedewi –— biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryny peşgeş berdi. Bu ajaýyp eserlerde atlaryň tebigatyň goýnunda düşürilen ajaýyp suratlary onuň içki mazmuny bilen sazlaşyp, okyjyda behişti bedewlere bolan çuňňur söýgini döredýär.

Ahalteke bedewleri halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň hem bezegi bolup durýar. Çeper elli gelin-gyzlar haly we haly önümlerine onuň nurana keşbini salýarlar. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri sowgatlyk hökmünde ýasalýan önümlerde-de öz beýanyny tapýar. Bu bolsa adamlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, milli gymmatlyklara bolan söýginiň artmagyna oňyn täsir edýär.

Kerwen Öwezow,

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: