TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 46 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 46 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi we ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 28% ýokarlanandygyndan habar berýär. Sanlara geçenimizde bolsa, 9,5 million manatlyga ýakyn harydyň köp öndürilendigini aňladýar.
Kärhanada harby geýimler, ulular we çagalar üçin eşikler tikilýär. Önümiň hiliniň ýokarylygy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň barha artmagyny şertlendirýär. Fabrigiň hünärmenleri işlerini ýerli bazaryň isleglerinden ugur alyp guraýarlar. Mysal üçin, şu ýyl mekdep okuwçylarynyň geýimlerini we goşhatlaryny hem tikip başladylar. Olarda bu harytlara bolan talaplar we ýaşajyk alyjylaryň islegleri göz öňünde tutulypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply