JEMGYÝET

Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygymçylara sowgatlary gowşurdylar

Golaýda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde boldular. Olaryň saparynyň esasy maksady pagta ýygymynda etrabyň öňdebaryjy kärendeçilerini we işjeň ýygymçylaryny höweslendirmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda myhmanlar kärendeçiler bilen söhbetdeş boldular. Olar ýylyň-ýylyna ýerden alýan bol hasyly barada, şeýle-de bugdaý tabşyrmak boýunça meýilnamany berjaý eden kärendeçiler gaýtadan işlenilen önümiň 50 göteriminiň ýeňillikli şertlerde özlerine gaýtarylyp berilýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleri tarapyndan ökde ýygymçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: