JEMGYÝET

Desgalar hususy eýeçilige satylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berdi. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň çägindäki desgalar hem bar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şeýlelikde, Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň öňki «Amyderýa» söwda kärhanasynyň binalary, Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasy, Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginiň «Altyn asyr» maldarçylyk hojalygynyň edara jaýy, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 9-njy ulanyş enjamlary sozuş bölegine degişli naharhanasy, «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji we 19-njy gurluşyk-gurnama müdirlikleri satuwa çykarylýar.

Bäsleşikli söwdalar 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär.

Söwdalar döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: