TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda hususy kärhanalaryň sany artýar

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady Lebap welaýatynda 32 sany desgany gurmak göz öňünde tutulýar.
Olaryň 19-sy oba hojalygyna, 13-si bolsa senagat pudagyna degişlidir. Eýýäm bu desgalaryň 10-sy eýýäm işe girizildi.
Bu bolsa hususyýetçiler tarapyndan ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürilişini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Häzir welaýatyň hususyýetçileri azyk önümleri bilen bir hatarda gurluşyk we senagat harytlaryny öndürmäge hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ýakyn günlerde şeýle kärhanalaryň ýene biriniň açylmagyna garaşylýar. Bu «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişli keramiki önümleri öndürýän kärhanadyr. Zawodda öndüriljek keramiki önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş Merkezi Aziýada uly isleg bildirilýär. Onuň kuwwatlylygynyň ýylda 192 müň tonna önüme barabar bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply