LUKMANÇYLYK

Allergiýaly adamlara «COVID-19» seýrek ýokuşýar

Epidemiýa döwründe toplanan maglumatlar allergiýadan ejir çekýän adamlara «COVID-19»-yň seýrek ýokuşýandygyny görkezýär. Bu barada žurnalistlere Russiýanyň FMBA-synyň immunologiýa institutynyň direktory Musa Haitow gürrüň berdi, diýip «trud.ru»  habar berýär.

«РИА Новости» onuň: «Pandemiýa başlanaly bäri bir ýarym ýyl töweregi geçdi, şondan bäri geçen döwürde allergiýaly adamlara koronawirus infeksiýasynyň seýrek ýokuşýandygy baradaky maglumatlar peýda boldy» diýen sözlerini getirýär. Şonuň ýaly-da Haitow daşary ýurtly barlaglaryň netijeleriniň bronhial demgysmanyň koronawirus infeksiýasynyň agyr geçmek töwekgelligini ýokarlandyrýan faktor däldigini görkezendigini belledi. «Munuň näme bilen baglanşyklydygyny aýtmak entek kyn, bu barada dürli çaklamalar aýdylýar, ýöne olar tassyklanylmagy talap edýärler» diýip ekspert aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: