Telekeçiler guş etiniň öndürilişini artdyrýarlar
Lebaply telekeçi Aksoltan Hajyýewa ýylyň başyndan bäri 85 tonna guş etini öndürdi. Netijede Saýat etrabynda towuk ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan zenan geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 2,26 esse köp önüm öndürdi. Has takygy, ol 2020-nji birinji ýarym ýylynda 37,5 tonna ak eti söwda nokatlaryna ugradypdy.
Lebap welaýatynyň hususyýetçileri ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Atamyrat Ali» daýhan hojalygy hem şolaryň hatarynda. Telekeçi Ahmet Aliýew tarapyndan esaslandyrylan hojalykda indi ençeme ýyl bäri Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän fermada towuklara ideg edilýär. Üstümizdäki ýylyň birinji ýarym ýylynda bu ýerde 71 tonna ýakyn guş eti öndürildi. Bu geçen ýylyň degişi döwri bilen deňeşdirilende, 5 tonna ýakyn köpdür.