LUKMANÇYLYK

Doktor Mýasnikow: çilim çekmek — hroniki keseldir

Doktor Mýasnikow çilim çekmegi taşlamagyň öz oýlap tapan usulyny «Россия 1» teleýaýlymynyň «Iň esasy» programmasynda açyp görkezdi, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Doktoryň aýtmagyna görä, köp adamlar çilim çekmegi taşlap, soňra ýene çekip başlaýarlar, sebäbi bu gaýtalamalara getirýän hroniki keseldir. Şonuň üçin hem ýüz adamdan diňe üç-dördüsi bu endiginden saplanyp bilýär. Ýöne beýle diýildigi bu ýaramaz endikdigi taşlamagy synanyşyp görmekden boýun gaçyrmak üçin bahana bolmaly däl, çilimiň zyýany bireýýäm subut edildi.

«Çilim çekmegi şeýle taşlamaly: soňky gezek sormaly, taşlamaly we nokat goýmaly. Şeýdip taşlan wagtyň has gowy netije berýär. Soň az çilim çekesiň gelýär» diýip, Mýasnikow aýtdy. Ol düzüminde nikotin serişdeleriň çilim çekmekden boýun gaçyrmagy belli bir wagta çenli yza çekýändigini aýdanlarynyň üstüne goşdy. Ýöne lukman olary ulanmagy logiki taýdan aklaýandygyny hem aýtdy.

Doktor öýde çilim çekilendigini ýatladýan ähli zatlary aýyrmagy maslahat berdi. Ol özi çilimi taşlan wagty çakmaklaryny we çilimlerini tanyşlaryna paýlap berendigini ýatlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: