Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Ýakyn dost» hojalyk jemgyýetinde ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýärler

Jul 12, 2021

Öz işini Kerki etrabynyň çäginde alyp barýan «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýetinde şu günler işiň depgini barha artdyrylýar.

Bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri welaýatyň bagbanlaryndan, gök-bakjaçy daýhanlardan şirin-şeker miweleri, ter gök önümleri satyn alyp, gaýtadan işlemäge girişdiler. Çüýşe gaplara gaplanylýan önümler ekologiýa taýdan arassalygy hem-de ýokumlylygy bilen alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Önümleriň ynsan saglygyna peýdaly täsirlerini saklap, ýokary hilli gaplama önümlerini halka ýetirmek ugrunda uly alada edilýär. Geljekde «Garaja» we «Bagban» haryt nyşanly gaplama önümlerini daşary döwletlere hem eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Adblock
detector