LUKMANÇYLYK

«COVID-19» garşy birinji sanjymdan soň ikinjisine çenli aňryçäk möhlet haçan tamamlanýar?

Ýokary derejeli terapewt lukman Lýudmila Lapanyň aýtmagyna görä, koronawirusa garşy sanjymda «aňryçäk möhlet» diýen düşünje ýok. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

— Tehnologiýa boýunça birinji sanjym bilen ikinjisiniň arasy 14—15 gün bolmaly. Ýöne ony bu möhlet tamamlanandan soň etseňem, hiç zat bolmaz. Koronawirusa garşy sanjymyň ikinji komponentini birinjisinden soň ýarym ýyla çenli geçirip, urup bolýar. Munuň zyýany bolmaz, ýöne peýdasy hem degmez — diýip, Lýudmila Lapa aýtdy. Hünärmeniň aýtmagyna görä, ol her adamyň şahsy aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Immun ulgamynyň reaksiýasy dürli bolýar. Ýöne sanjymyň ýüz göterim peýda etmegi üçin, onuň ikinji komponentini bellenilen güni urmaly, diýip ol nygtady. Şol bir wagtyň özünde allergolog-immunolog lukman Wladimir Bolibok koronawirus ýokanjyndan ýokary hilli goranmak üçin bir gezek sanjym geçireniň ýeterlik däl. — Geçirilen ylmy barlaglar birinji sanjymyň immunitet döredýändigi, ýöne onuň dowamly we durnukly däldigini, çalt ýok bolup gidýändigini görkezdi — diýip, hünärmen ýatlatdy. Özüni koronawirusdan hakyky goramak isleýän adam sanjymyň iki komponentini hem sançdyrmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: