DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Alibabanyň» paýnamalary gymmatlady

Ýakynda «Alibaba» elektron söwda kompaniýasyna bellenilen jerime Hytaýyň taryhynda berlen iň ýokary mukdardaky jerime hökmünde taryha giripdi. Has takygy, Hytaý bu kompaniýa 2,8 milliard dollar möçberinde jerime saldy.
«Ýöne bu bökdençlik hem dünýä meşhur onlaýn söwda kompaniýasynyň işini agsadyp bilmedi. Hatda bu jerime wakasyndan soňra «Alibabanyň» paýnamalarynyň bahasy has-da ýokarlandy» diýip, daşary ýurt metbugatynda ýazylýar.
Deslapky maglumatlara görä, Hytaý Gonkongynda bellige alnan kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasy ozalkysyndan 9 göterim ýokarlanyp, her bir paýnama üçin 237,6 gonkong dollary talap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply