DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Russiýaly 32 ýaşly adam daşyndan ýetginjek ýaly görünýär

Ýaşy belli bir derejä ýetenden soň, köp adamlar wagtyň saklanmagyny isleýärler. Käbirlerine bu başardýaram. Mysal üçin, Krasnoýarsk ülkesiniň ýaşaýjysy Denis Waşurini genetiki näsazlyk 13 ýaşly ýetginjekdigine galdyrypdyr. Bu barada «Rambler» ýazýar.
Häzir Denis 32 ýaşynda, ýöne ony görseňiz, beýledigine ynanmarsyňyz. Ol Krasnoýarskiden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän şäherçede ýaşaýar we resurs tygşytlaýjy kompaniýada işleýär. Dört ýyl bäri gyzlar bilenem çynlakaý gatnaşyk saklaýar. Daşky keşbi diýmeseň, hemmesi hem şu ýaşda bolmalysy ýaly.
Entek mekdepde okap ýören döwri ýigit klasdaşlaryndan tapawutlanýandygyny duýupdyr. Ulaldygyça bolsa deň-duşlary bilen arasyndaky tapawut has görnetin belli bolupdyr. Ýöne fiziki taýdan üýtgeşmeleriň bolup geçmeýändigi oglana işjeň bolmaga, bilim almaga we dost tutunmaga zyýan etmändir. Belli bir ýaşa barandan soň ol näme üçin özünde ýaş bilen baglanyşykly hiç hili üýtgeşmeleriň bolup geçmeýändigi barada oýlanyp başlapdyr.
«Çaganyňka meňzeş keşbi» Denise uly adam ýaly bolup ýaşamaga zyýan berýär. Adamlar onuň üstünden gülýärler, ulag süren wagty polisiýa işgärleri ony saklaýarlar we resminamalarynyň dogrudygyna ynanmaýarlar. Ol jemgyýetiň özüne düşünmeýändiginden has köp ejir çekýär. Köp adamlar, keşbi daşyndan çaganyňky ýaly bolsa, oňa hökman akyl bermelidir diýip düşünýärler.
Denisiň aýtmagyna görä, dostlary oňa «baba» diýip ýüzlenýärler. Bilagyrynyň hem-de bogunlarynyň nämedigini hem beýlekileriň gürrüňinden däl-de, öz mysalynda bilýär.
Denisiň aýtmagyna görä, kiçijik şäherde ýaşamak hemmeleriň biri-birini tanaýandygy bilen gowy. Indi bolar bolmaz sorag berip, onuň ýüregine düşmeýärler. Ýöne şonda-da, ol boş wagtyny adamlardan uzakda — tokaýda, awda ýa-da balyk tutmakda geçirmäge çalyşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply