TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň kärhanasynda 10 million keramiki kerpiç öndürildi

«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişli keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri kerpiçleriň 10 milliondan gowragy öndürilip, müşderilere ugradyldy.
Kärhana Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde geçen ýyl açylyp, ulanylmaga berildi.
Önümçiliginiň ilkinji tapgyrlarynda bu ýerde müşderileriň isleglerine görä, sary we gyzyl reňkdäki keramiki-bezeg kerpiçleri öndürilýär. Sary reňkli kerpiçleriň üç görnüşi çykarylyp, olaryň bir görnüşiniň daşy doly tekiz bolup, galan iki görnüşi dürli şekiller bilen bezelendir. Gyzyl kerpiçler bolsa doly tekiz görnüşinde öndürilýär.
Häzir keramiki-bezeg kerpiçlerini Özbegistana eksport etmek boýunça hem gepleşikler geçirilýär.
Kärhananyň iş dolandyryjy kätibi Baýram Ilowyň gürrüň berşi ýaly, eksporta niýetlenen önümler ýakyn geljekde soralýan salga ugradylar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply