DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«TikTok» — iň girdejili mobil goşundysy

«TikTok» iň girdejili mobil goşundylaryň reýtinginde öňde barýar. Bu barada «SensorTower» agentliginiň barlaglarynyň netijelerine salgylanmak bilen, «Известия» gazeti ýazýar.

Ikinji orny «Piccorama» ýapon goşundysy eýeledi. Onuň yzy bilen «YouTube», «Google One», «Disney+» we «Tinder» barýarlar.

Umuman alnanda, şu ýylyň iýulyndan sentýabryna çeni peýdalanyjylar goşundylarynyň dükanlarynda 33,6 milliard dollar harç edipdirler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1% köpdür.

Awgustda «TikTok» «Facebook»-nyň geçen ýylky görkezijilerinden öňe düşdi we sosial setleriň arasynda iň köp alynýan goşundy boldy. 2018 ýylda «TikTok» ilkinji gezek «Facebook»-ny reýtingiň öňdäki orunlaryndan pese düşüripdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: