DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýly maşgalalar üç çaga edinip bilerler

Hytaýly kanun çykaryjylar HHR-niň demografiýa we çaga dogurmagy meýilleşdirmek hakyndaky Kanuna girizmek üçin üýtgetmeleriň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Ol üçünji çagany edinmek isleýän maşgalalara goldamak çärelerine bagyşlanar. Bu barada «Труд» gazeti ýazýar.

Üýtgetmeleriň taslamasynda ady agzalan kanuny bozanlygy üçin jerime tölemegi, şol sanda rugsat berileninden köp çaga dogurmak baradaky gadaganlygy aýyrmagy göz öňünde tutulýar. Taslama Hytaýyň kanun çykaryjylyk edarasynyň nobatdaky sessiýasynda ara alyp maslahatlaşmaga hödür ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: