TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň maldarlary guzy almak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň maldarlary ene goýunlardan guzy almak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Gazanylan üstünlikde pellehana ilkinji üçlükde gelen Çärjew etrabynyň «Serdar», Köýtendag etrabynyň «Dagly», Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň goşantlary uly boldy.
Üstümizdäki ýylyň şu möwsüminde ene mallardan 76635 owlak-guzynyň deregine 76865 owlak-guzy almagyň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlar öri meýdanlarynda bakylyp, olaryň kadaly idedilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply