«Al-Hilal» Messä tutuş karýerasynyň gazanjyny hödürlän eken
Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň tomusda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubynyň teklibini kabul eden bolsa 1 milliard ýewro gazanmak mümkinçiligi bardy. Bu barada žurnalist Gilem Balage maglumat berdi.
Onuň beýanatynda: «Tomusda «Al-Hilal» wekiliýeti hususy uçar bilen Pariže geldi. Klub Messä bir möwsüm üçin 1 milliard ýewro teklip etdi. Emma Leonel bu teklibi kabul etmedi» diýilýär.
Ýatladyp geçsek, Messi PSŽ-den aýrylandan soň, «Inter Maýami» bilen şertnama baglaşdy.