DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Mýunhende 2300 ýyllyk oba tapyldy

Arheologlar Germaniýanyň günortasyndaky Mýunhende gadymy kelt obasyny we kiçijik Rim ilatynyň ýaşan bölegine degişli zatlary tapdylar diýip, «Arkeonews» habar berýär.

2300 ýyllyk bu mekan Bawariýa ştatynda tapylan ilkinji doly saklanan keltler obasydyr. Miladydan öňki 450-nji ýyllarda demir asyrynyň ahyrynda gülläp ösen La Ten döwrüniň keltleri biziň eýýamymyzyň 1000-nji ýyllaryna çenli bu kiçijik oturymly ýerde ýaşapdyrlar. Arheologlar olaryň galyndylaryny tapdy we olar demir asyrynda häzirki Mýunheniň Feldmohing etrabynda 500 töweregi adamyň ýaşaýandygy barada täsirli maglumatlary berdi ― bu şol döwür üçin gaty köp sandyr.

Baş konserwator, Bawariýa ýadygärliklerini goramak boýunça döwlet edarasynyň (BLfD) professory Mattias Pfeýliň pikiriçe, Mýunhen uly şäher bolupdyr we häzirem şeýle bolup galar. Adamlar bu ýere 2 müň ýyldanam köp wagt mundan ozal ýygnanyp başlapdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: