DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

X üçin çatbot işläp başlar

Amerikaly milliarder we telekeçi Ilon Mask emeli intellekte esaslanan Grok atly çatbotyň işläp başlajakdygyny mälim etdi.
 Ol X internet ulgamynyň ulanyjylary üçin dörediler we diňe premium görnüşinde bolar.

Onuň sözlerine görä, «Grok X» platformasy arkaly hakyky wagtda maglumat almak ukybyna eýedir. Mask ony «beýleki modellerden has uly artykmaçlyk» diýip atlandyrdy.

Taslamanyň beýanyna görä, Grok «Kosmos syýahatçylary üçin galaktika boýynça gollanma» modelinde döredilendir. Ol ähli soraglara diýen ýaly jogap berýär, hat-da nähili soraglary bermelidigini hem teklip edýär. Ol berlen soraglara gülküli, gahar bilenem jogaplary gaýtaryp bilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: