Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary mälim boldy

Oct 12, 2021

2021-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyny üç adam aldy: birini kanadaly-amerikaly ykdysatçy Dewid Kard aldy, baýragyň galan ýarysyny ABŞ-ly Joşua Dewid Angrist we Gwido Imbens öz aralarynda paýlaşdylar, diýip «Российская газета» ýazýar.

Nobel komitetiniň beýannamasynda aýdylyşy ýaly, Kard «zähmet ykdysadyýetine empiriki goşandy üçin» baýraga mynasyp boldy. Angrist we Imbens «olaryň baglanyşygyň sebäp we netije seljermesine usulyýet goşandy üçin» baýrak aldylar.

Bu ýylyň baýragynyň eýeleri zähmet bazaryna täzeçe seretdiler we tebigy synaglaryň kömegi bilen sebäpler we netijeler barada nähili netije çykaryp bolýandygyny görkezdiler, diýip beýannamada aýdylýar. Olaryň barlaglary beýleki ugurlara hem ýaýradyldy we empiriki barlaglarda rewolýusiýa geçirdiler, diýip şol ýerde görkezilýär.

Adblock
detector