JEMGYÝET

Welaýat çagalar kitaphanasynyň okyjylary 117,5 müň adama ýetdi

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň okyjylarynyň sany 117,5 müň adama ýetdi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Kitaphana 1960-njy ýylyň iýunyndan bäri öz okyjylaryna hyzmat edip gelýär. Bu ýere her gün çagalaryň onlarçasy gelip, özlerini gyzyklandyrýan çeper eserleri, ertekileri we beýleki dürli edebiýatlary okaýar. Kitaphananyň kitap hazynasy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkeziniň täze edebiýatlarynyň hasabyna yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Kitaphanada dünýä çagalar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri bilen tanyşmaga-da giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalara bu ýerde Mark Twen, Hans Andersen, Redýard Kipling ýaly meşhur daşary ýurtly ýazyjylaryň eserleri türkmen dilinde hödürlenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: