DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilon Maskyň Twitteri satmagy mümkin

«Twitteriň» eýesi we dünýädäki milliarderleriň biri Ilon Mask BBC bilen geçiren gepleşiginde «Twitteri» dolandyrmagyň «gaty agyrdygyny» we eger mynasyp alyjy tapsa, kompaniýany satmaga taýýardygyny aýtdy.

Mask soňky döwürde ýagdaýyň kyndygyny, ýöne şonda-da kompaniýany satyn almagyň dogry karardygyna ynanýar.

Ol bu barada:

― Umuman aýdanyňda, «Twitter» gowy işleýär we ondan köpräk peýdalanylýar ― diýip, goşmaça belläp geçär.

Şeýle hem, işewür jemgyýetçilik torlaryndaky botlary anyklandan soň kompaniýany satyn almak üçin az tölemek isländigini boýun aldy. Eger oňa «Twitter» üçin 44 milliard dollar teklip edilse satmajakdygyny aýtdy. Ýöne täze alyjy hakykaty aýtmak ukybyna eýe bolsa, onda milliarder ylalaşygyň amala aşjakdygyny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: