Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýada gender deňligi çygrynda mümkinçiliklerini we bilimlerini güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek (GEWE) boýunça treninge çagyrylýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.
Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň žurnalistika we kommunikasiýa boýunça ÝUNESKO-nyň Kafedrasy tarapyndan Gazagystandaky «BMG-zenanlar» bilen bilelikde guralýan trening gender deňligini praktikada ulanmaga, tolerantlygy emele getirmäge, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň — bu ugurdaky hünärmenleriniň mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.
Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, öz-özüni dolandyryş edaralarynyň wekilleri we zenanlaryň hukuklary çygryndaky beýleki subýektleri gatnaşyp bilerler. Trening onlaýn görnüşinde 2022-nji ýylyň 25 fewralyndan 1-nji martyna çenli geçiriler.
Oňa gatnaşmak üçin bellige almak 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli dowam eder.