JEMGYÝET

«Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly çäre geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri we welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasyna guramaçylaryň jogapkär işgärleri, partiýanyň işjeňleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler soňky ýyllarda ýurtda bolup geçen özgertmeler barada giňişleýin durup geçdiler. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler, olaryň berýän oňyn netijeleri barada aýratyn durup geçdiler.

Soňra welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlan konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: