JEMGYÝET

Lebaply tans goýujy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Annaýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edildi.

Bu bäsleşigiň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyryna welaýat Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan aýdymçylaryň 12-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Nurberdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Muhammedowa, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annaýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Agaýew we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Jumaýew dagylar hem bäsleşigiň ýeşijileri diýlip yglan edildi. OlarTürkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy we gymmat bahaly sowgadyň eýeleri boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: