YKDYSADYÝET

Dowardarlar mallaryň gyşky idegini ýetirýärler

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Baýramaly etrabynyň «Üçajy» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary gyş möwsümine ýokary taýýarlykly geldiler.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, hojalykda jemi 43 müň 856 baş dowar bolup, şolaryň 28 müň 490-sy önüm berýän ene mallardyr. Welaýatyň dowardarlary mallary ýyly we dok gyşladyp, olary orta we ortadan ýokary semizlikde abat saklamak maksady bilen, ilkinji nobatda, gyş örülerini irgözinden saýladylar. Olar şu günler mallary Garagum derýasynyň çep kenaryndaky gara çöpli, ýagny tebigy otly-bedeli meýdanlarda hem-de «Bilsandyk», «Täze guýy» ýaly örülerde gyşladýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: