JEMGYÝET

«Ýylyň terbiýeçisi — 2023» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäheriniň 38-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýesiçi — 2023» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan çärä bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşdylar.

Netijede Kerki etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Jeren Welnazarowa baş baýraga mynasyp  boldy. Birinji orny Türkmenabat şäheriniň 58-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Dilafruz Turaýewa eýeledi. Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Sähra Jumaýewa we Darganata etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülkamar Jumabaýewa dagylar bolsa öz aralarynda degişlilikde ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

Baş baýragyň eýesi bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş eder.

Baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: