YKDYSADYÝET

«Ak ýag» hususy kärhanasynda polietilen haltalaryň önümçiligi ýola goýuldy

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Ak ýag» hususy kärhanasy polietilen haltalaryň önümçiligini ýola goýdy, diýip «Rysgal» gazeti ýazýar.

Bu ýerde her aýda 80 tonna golaý önüm öndürmäge mümkinçilik bar. Hususy kärhana gysga wagtyň içinde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri bilen içerki we daşarky bazarda mynasyp ornuny tapmagyň hötdesinden geldi. Bu önümler Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär. Kärhanada önümçilik, esasan, buýurmalar esasynda alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: