YKDYSADYÝET

«Berk gerden» hususy kärhanasynda gurluşyk materiallary öndürilýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Berk gerden» hususy kärhanasynda gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri barha artýar. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle ýazýar:

Kärhanada 2019-njy ýyldan bäri izogam we bitum mastika öndürilip gelýär. Bu ýerde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tehnologiýalary ornaşdyrylyp, önümçilik üçin gerek bolan çig mal, ýagny polipropilen, esasan, Gyýanlynyň polimer zawodynyň önüminiň hasabyna üpjün edilýär. Kärhana önümçilik kuwwaty we önümleriniň hiliniň ýokarylygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen gysga wagtyň içinde içerki we daşarky bazaryň ynamyny gazanmagy başardy.

Müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrýan «Berk gerden» hususy kärhanasy öz önümlerini Özbegistan Respublikasyna we Owganystana eksport edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminden «Jeyhun.news»-e berlen maglumatlara görä, hususy kärhana ýylyň başyndan bäri bitum mastikasynyň 12 müň 290 tonnadan gowragyny eksport edipdir.

Häzirki wagtda kärhanada işçi-hünärmenleriň 30-dan gowragy zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: