Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynda unuň 34173 tonnasy öndürildi we bu baradaky meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Mundan başga-da, bu ýerde ýarmanyň 113 tonnasy, tüwiniň 576 tonnasy, kepegiň hem 10,3 müň tonna golaýy öndürilip, alyjylara ugradyldy.