YKDYSADYÝET

Daşoguz welaýatynda güýzki möwsümde ekmek üçin 800 müňden gowrak nahal taýýar edildi

Daşoguz welaýat tokaý hojalygy boýunça güýzki bag ekmek möwsümine pürli we saýaly agaç nahallarynyň 100 müň, üzümiň 200 müňden gowrak, miweli agaçlaryň bolsa 500 müň düýbi taýýarlanylýar. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda hojalygyň 47 gektara barabar nahalhanalary bolup, ol ýerlerde pürli, saýaly, miweli agaç nahallarynyň we çöl ösümlikleriniň millionlarçasy ýetişdirilýär. Bu  ýerde, esasan, toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän durnukly, ýokary hilli bag tohumlary peýdalanylýar. Nahallar tohumyndan hem ýetişdirilýär. Şeýle-de, hojalygyň meýdanynda ýörite ýyladyşhana bolup, ol ýerde gülleriň, bezeg agaçlarynyň dürli görnüşleri bar.

Welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri sazak tokaýlyklaryny goramak we köpeltmek boýunça işleri hem yzygiderli alyp barýarlar. Nahalhanada ýetişdirilen nahallar welaýatymyzyň çöllük ýerlerinde, şol sanda, Bötendag belentliginiň 20 müň gektara barabar bolan ýaşyl zolagynda hem ekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: