JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary telefon hyzmatlary üçin internet arkaly töleg geçirip bilerler

«Türkmentelekom» elektrik aragatanşyk kärhanasynyň Ahal welaýatyndaky müşderileri telfon hymzatalry üçin internetiň üsti bilen töleg geçirip bilerler. Şeýle mümkinçiligiň döredilendigi barada aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär.

Onda öý telefonlarynyň hasabyna tölegleri Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň resmi saýty arkaly geçirip bolýandygy barada aýdylýar. Tölegiň bu görnüşi iOS hem-de Android platformalary üçin niýetlenen e.gov.tm ykjam goşundysynda hem elýeterlidir. Tölegi «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly geçirip bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: