JEMGYÝET

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda baýramçylyga bagyşlanan görkeziş bolar

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan spektakllar görkeziler we konsert bolar.

Teatryň döredijilik topary režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran «Mertler Watany beýgeldýär» we «Watan jandan ileri» spektakllaryny görkezerler. Birinji pýesany Perhat Hudaýberenow bilen we Gaýypnazar Jumaýew bilelikde ýazdylar, ikinji pýesanyň awtory Döwran Agalyýewdir.

Şonuň ýaly-da, bu ýerde sungat ussatlarynyň taýýarlan şou-konserti bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: